Adobe Research-iň wideo we emeli aň boýunça inženerler topary VideoGigaGAN atly gural döretdi. Bu bulaşyk wideolary dury şekillere öwrüp bilýän emeli aňly programmadyr diýip, TechXplore-e salgylanýan Mail.ru habar berýär. VideoGigaGAN ulgamy dury we aýdyň wideonyň nähili görnüşde bolmalydygyny öwretmek üçin döredijilikli-bäsdeşlik nerw ulgamyny (GAN) ulanýar. Döredijiler çykýan wideonyň bir böleginiň ulgam reýtinglerine esaslanyp, VideoGigaGAN tarapyndan doly sintez edilendigini boýun alýarlar. Mysal üçin, ýokary durulygy gazanmak üçin wideo deriniň deşijekleri, gözüň töweregindäki ýygyrtlar, hatda kirpikler hem goşulyp bilner, ýagny emeli aň zerur elementleri “goşuşdyryp”, üstüni ýetirýär. Soňra wideo kadrlarynyň arasyndaky yzygiderliligi üpjün etmek üçin “akym bilen dolandyrylýan paýlaýyş moduly” goşulýar. Hünärmenleriň sözlerine görä, ulgam wideonyň hilini sekiz esse ýokarlandyryp biler. Adobe programmany haçan umumy ulanylyşa goýberjegini entek takyklamady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir