Aziýanyň Kubogy U-23-iň ýarym finalynda Özbegistanyň ýaşlar milli ýygyndysy Indoneziýandan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňiş özbek futbolçylaryny diňe bir finala çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, olara Parižde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hem hukuk berdi. Bu taryhy netijä futbolçylar Husain Norçaýewiň (68-nji minut) golunyň we Pratam Arhanyň (86-njy minut) awtogolunyň netijesinde ýetdiler. Finalda özbek futbolçylary Ýaponiýa - Yrak jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşarlar. Olimpiýa oýunlary - 2024-iň çäklerinde futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda geçiriler. Erkekler ýaryşyna dünýäniň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar. Öň, TmCars-da Olimpiada - 2024-iň erkekler futbol ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleriniň çekilendigini habar beripdik.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir