Türkmenabatdan 9 ýaşly Aýa Baýramowa küşt boýunça 10 ýaşa çenli kategoriýada geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy boldy. Çempionat Albaniýanyň Durres şäherinde 26-28-nji aprel aralygynda geçirildi diýip, Orient habar berýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Güljahan Öwlýakuliýewanyň şägirdi bolan Aýa (FIDE reýtingi - 1657) mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, haýran galdyryjy oýun görkezdi. Çempionatda altyn medaly Russiýadan Alisa Genrietta (FIDE baýdagy astynda çykyş edýär, 10 utuk, FIDE reýtingi 1883), kümüş medaly Hindistandan Şarwaanike (9 utuk, FIDE reýtingi - 1673) eýeledi. Çempionatda ýene bir türkmen küştçüsi Dünýä Ruslanowa (FIDE reýtingi - 1634) ýedinji ýere düşdi. Gyzlaryň arasynda 8 ýaşa çenli kategoriýada 5-nji orny 7 ýaşly Aýlar Hemraýewa (FIDE reýtingi - 1476) eýeledi. Dünýä çempionaty "Rapid" we "Blis" formatynda alty kategoriýada geçdi. Gyzlaryň arasynda 10 ýaşa çenli kategoriýada ýaryşa 41 küştçi gatnaşdy. Medal sany boýunça liderleriň arasynda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Wýetnamyň, Gazagystanyň we Hindistanyň wekilleri bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir