Fransiýanyň çempionatynyň 31-nji tapgyrynda "PSŽ" möhletinden öň ýurduň çempiony boldy. Bu ýeňiş klubuň 25 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappe 1-nji Ligada ýedinji gezek çempion titulyny getirdi (1-i 2016/2017 möwsümde "Monako" bilen, galan 6-sy "PSŽ" bilen). Professional karýerasynyň dowamynda Mbappe jemi 17 sany baýrak gazandy. Onuň hasabynda üç gezek Fransiýanyň Kubogynda we Superkubogynda, iki gezek Fransuz ligasynyň kubogynda ýeňiş, şeýle hem Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylda Milletler ligasynda ýeňiş bar. Häzirki möwsümde Mbappe ähli ýaryşlarda 44 oýna gatnaşyp, 43 gol geçirdi we 10 sany gol pasyny berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir