Garyşyk söweş stiliniň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow indiki tutluşygyny 22-nji iýuna geçilýän gije Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) PFL 5 ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy kamerunly Simon Biýong bolar. Soňky tutluşygynda Döwletjan 13-nji aprelde PFL 2 ýaryşynda Sloweniýanyň wekili Jeýkob Nedony tehniki nokaut bilen birinji raundda ýeňmegi başardy. Professional karýerasynda Döwletjan Ýagşymyradow 22 ýeňiş gazandy, 7 gezek ýeňildi we bir söweş deňme-deňlikde tamamlandy. Biýong soňky söweşinde PFL 2 ýaryşynda Antonio Karlos Juniordan ýeňildi. Kamerunly türgeniň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir