Xiaomi 15 smartfonlary iň täze flagman Qualcomm Snapdragon 8 Gen 4 prosessor bilen enjamlaşdyrylan ilkinji enjam bolup biler diýip, GSM Arena neşiri habar berýär. Insaýderiň maglumatyna görä, Xiaomi Qualcomm bilen aýratyn şertnama baglaşyp, çipe ileri tutulýan elýeterlilik aldy. Xiaomi 15 we 15 Pro 2024-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar we soňra Snapdragon 8 Gen 4 OnePlus we iQOO ýaly beýleki öndürijiler üçin hem elýeterli bolar. Xiaomi 15-iň dünýä derejesinde çykarylmagy üçin bildirişden soň birnäçe aý gerek bolsa gerek. Täze Snapdragon 8 Gen 4 prosessory öňki nesline garanyňda smartfonuň öndürijiliginiň ep-esli gowulanmagyny üpjün eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir