"Inter Maýaminiň" hüjümçisi Lionel Messi Amerikanyň MLS çempionatynyň "Nýu-Inglend Rewolýuşn" klubuna garşy geçirilen myhmançylykdaky duşuşygynda dubl etdi we iki gezek gol pasyny berdi (1:4). Şunuň netijesinde, Messi karýerasynda gola getirýän 1200 sany hereketi ýerine ýetirdi. Indi, onuň hasabynda 1057 oýunda 832 gol we 368 gol pasy bar diýip, «Çempionat» Som I Serem FCB-niň X-hasabyndaky (öňki Twitter) ýazga salgylanyp habar berýär. Mundan başga-da, Messiniň şol oýundaky dört sany netijeli hereketi oňa MLS-de iki sany hüjümçilik rekordyny goýmaga kömek etdi. Häzirki wagtda "Inter Maýami" MLS-de 11 oýundan soň, 21 utuk bilen öňdeligi eýeläp gelýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir