25-nji aprelde "Roskosmosyň" kosmonawty, Türkmenistanyň Garymany Oleg Kononenko we onuň kärdeşi Nikolaý Çub şu ýylda ilkinji gezek açyk kosmosa çykmak boýunça meýilnamany möhletinden öň tamamladylar diýip, TASS habar berýär. Bu 2024-nji ýylda russiýaly kosmonawtlaryň ilkinji gezek açyk kosmosa çykyşy boldy. Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda ilki meýilleşdirilen 6 sagat 36 minuda derek, kosmonawtlar ähli işi 4 sagat 36 minutda ýerine ýetirmegi başardylar. Kononenko we Çub Halkara kosmos bekediniň çäklerinden çykany bäri doly açylmadyk radiolokatory iş ýagdaýyna getirdiler, şeýle hem «Poisk» modulynda ylmy synaglary geçirmek üçin enjamlary oturtdylar, «Nauka» modulynyň ýüzünden stansiýanyň materiallarynyň durnuklylygyny öwrenmek üçin nusgalary aldylar. Açyk kosmosa çykyşyň ýaýlyma berlişi "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyň You-Tube kanalynda berildi. Oleg Kononenko Türkmenistanda doguldy, çagalygy we ýaşlyk ýyllary Türkmenabat şäherinde geçdi. 2019-njy ýylda ol Türkmenistanyň Gahrymany adyny aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir