Ispaniýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy sport “Oskary” diýlip hem atlandyrylýan Laureus baýragy tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy topary hökmünde ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Madriddäki Sibeles köşgünde geçirildi. Bu nominasiýada beýleki dalaşgärler Angliýanyň “Mançester Sitisi” (Çempionlar ligasynyň ýeňijisi), “Formula-1-iň” “Red Bull” topary (Konstruktorlaryň kubogyny gazandy), Germaniýanyň milli ýygyndysynyň basketbolçylary (dünýä çempionlary) we GAR-yň milli ýygyndysynyň regbiçileri (dünýä çempionlary), şeýle-de Raýder kubogyny alan Ýewropanyň golf ýygyndysy boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň tomsunda zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň finalynda Angliýanyň toparyny utup (1:0), altyn medal gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir