Emeli aň (AI) esasly tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy Russiýanyň X5 Group kompaniýasyna 2023-nji ýylda, takmynan, 5 milliard rubl gazanmaga mümkinçilik berdi. “Pýatýoroçka”, “Perekrýostok” we “Çižik” azyk önümleriniň bölek satuw zynjyrlaryny dolandyrýan bu kompaniýa şu ýyl hem ýene birnäçe milliard girdeji gazanmaga garaşýar. Bu barada X5 Group-yň söwda zynjyrlarynyň we kärhanalarynyň esasy sanly hyzmatdaşy bolan X5 Tech IT kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Anton Mironenkow gürrüň berdi diýip, TASS habar berýär. AI-ni ulanmagyň artykmaçlyklary satyn alyş we logistikadan başlap, marketing we dükan dolandyryşyna çenli işewürlik prosesleriniň ähli tapgyrlarynda duýulýar. Täze tehnologiýalar şu aşakdakylara mümkinçilik berýär: - Islegi çaklamaga - Assortimenti optimizirlemäge - Logistika çykdajylaryny azaltmaga - Işgärleri netijeli dolandyrmaga - Tekjelerde harytlaryň barlygyna gözegçilik etmäge. AI-ni üstünlikli durmuşa geçirmegiň bir mysaly, hasapdan aýrylýan önümleri azaltmaga we zynjyryň girdejisini ýokarlandyrmaga kömek eden harytlaryň ätiýajyny meýilnamalaşdyrmagyň täze ulgamy boldy. Seljeriji maglumatlara esaslanýan data-driven çözgütler işewürligiň durnukly ösmeginde möhüm rol oýnaýar. X5 Tech dürli işewürlik proseslerinde generatiw nerw ulgamlaryny ulanýar. AI diňe bir maglumat derňewi üçin wirtual kömekçi hökmünde çykyş etmän, eýsem, wezipe gözükdirmelerini hem işläp taýýarlaýar. Bu täzelikler eýýäm hakyky iş ýüzünde ulanylýar, X5 Group-yň bölek satuw zynjyrlaryny ösdürmek we optimizirlemek üçin täze geljegi açýar. Bu ýagdaý AI-ni işewürlikde üstünlikli ulanmagynyň ýene-täk mysaly däl. Accenture-iň gözleglerine görä, ChatGPT ýaly uly dil modelleri umumy zähmet çykdajylarynyň 40%-ine täsir edip biler. AI wezipeleri awtomatlaşdyrmaga, maglumat seljerişlerinden aňrybaş peýdalanmaga we kararlary has çalt hem-de netijeli kabul etmäge kömek edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir