Gazagystanyň Futbol federasiýasy (GFF) köpçülikleýin futbol boýunça iň gowy taslama üçin UEFA-dan baýraga mynasyp boldy. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, meta-ratings.kz habar berýär. 2023/24-möwsüminiň UEFA-nyň “UEFA Grassroots Awards” köpçülikleýin futbol baýragynyň gowşurylyş dabarasy Nýon şäherindäki guramanyň ştab-kwartirasynda geçirildi. 2023-nji ýylda GFF tarapyndan geçirilen “Çagalar öýüniň çagalarynyň arasynda futbol festiwaly” taslamasy 2023/2024-möwsüminiň UEFA-nyň köpçülikleýin futbol baýragyny gowşurmagyň çäklerinde köpçüligi futbola çekmek boýunça iň gowy taslama diýlip bellenildi. GFF-niň howandarlygynda bu taslama 2023-nji ýylda birnäçe aýyň dowamynda geçirildi we Gazagystandaky çagalar öýleriniň çagalary üçin toparlaýyn işlemek endiklerini ösdürmäge, beden we akyl saglygyny berkitmäge, şeýle-de ýakymly sosial gurşawy döretmäge özboluşly mümkinçilik berdi. UEFA-nyň köpçülikleýin futbol nominasiýasynda Gazagystan Germaniýadan we Çehiýadan öňe geçdi. UEFA Grassroots Awards baýragyna dalaşgärler Ýewropanyň milli futbol assosiasiýalary tarapyndan hödürlenýär, baýragyň laureatlary bolsa UEFA-nyň Ösüş we tehniki kömek komiteti tarapyndan saýlanýar. Bu baýrak 2010-njy ýyldan bäri futbolda görnükli goşantlar we üstünlikler üçin berilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir