Awstriýanyň “Zalsburg” kluby Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginden (UEFA) 2025-nji ýylyň täzelenen Klublaýyn dünýä çempionatyna iň soňky gatnaşyjy boldy. Çarşenbe güni Angliýanyň “Arsenaly” myhmançylykda Germaniýanyň “Bawariýa” klubundan utulyp, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. London klubunyň ýaryşdan çykmagy netijesinde Awstriýanyň “Zalsburgy” bu ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Şeýlelik bilen, täzelenen ýaryşda Ýewropa 12 klub wekilçilik eder: “Mançester Siti”, “Çelsi” (ikisi-de Angliýa), “Real”, “Atletiko” (ikisi-de Ispaniýa), “Bawariýa”, Dortmundyň “Borussiýasy” (ikisi-de Germaniýa), “Inter”, “Ýuwentus” (ikisi-de Italiýa), “Portu”, “Benfika” (ikisi-de Portugaliýa), “PSŽ” (Fransiýa) we “Zalsburg” (Awstriýa). 2025-nji ýylda Klublaýyn dünýä çempionaty 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 32 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçiriler. 24 klub eýýäm ýaryşa saýlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir