20-nji aprelde Aşgabadyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy, baş baýragy Türkmenistanyň “Galkan” kluby aldy. Final oýnunda Türkmenistan IIM-iň hokkeý kluby RF-iň Tatarstan Respublikasyndan “ADIHIC-Kazan” klubuny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda utdy. Iki topar hem ýekeje ýeňlişe-de sezewar bolman, toparlaýyn tapgyry üstünlikli geçdiler we netijede ýaryşyň esasy kubogy ugrundaky aýgytly oýna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda “Galkana” altyn medallar we Kubok gowşuryldy. “ADIHIC-Kazan” kümüş medallara mynasyp boldy. Bürünç medallary şenbe güni üçünji ýer ugrundaky oýunda Özbegistanyň “Feniks” klubuny 12:4 (3:0, 6:2, 3:2) hasabynda utan “Volat” belarus toparynyň oýunçylary aldy. Ýörite baýraklar bilen ýaryşyň eminleri-de we iň gowy oýunçylary-da: derwezeban Ýaroslaw Lagun (“Volat”), goragçy Musa Annasaparow (“Galkan”) we hüjümçi Aýdar Miftahow (“ADIHIC-Kazan”) sylaglandy. Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş 15 – 20-nji aprel aralygynda geçdi we oňa Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan toparlar gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir