BANG! CASE - iPhone üçin programmirläp bolýan düwmeli dünýäde ilkinji daşlyk hödürlendi diýip, 9to5toys-a salgylanýan Mail.ru habar berýär. Kuwwat düwmesiniň aşagynda ýerleşýän bu düwme smartfonyňyzda dürli hereketleri has çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ekrany düşürmegi, kamerany işe girizmegi, elçyrany ýakmagy, Siri jaň etmegi, ekrany ýazga almagy, programmalaryň arasynda ondan-oňa geçmegi we köp beýleki hereketleri bir gezek, iki gezek ýa-da uzyn basmaklyga programmirläp bolýar. Döredijiler BANG! CASE düwmesiniň App Store-daky programmalaryň 80% -ine laýyk gelýändigini tassyklaýarlar. Daşlyk iPhone-yňyza Bluetooth arkaly birikýär we simsiz zarýad bermek üçin MagSafe-ni goldaýar. BANG! CASE häzirki iPhone modellerini bölekleýin geljekki iPhone 16-a öwürýär. iPhone 15 Pro-nyň we 15 Pro Max-yň eýýäm şuňa meňzeş düwmesi bar, emma funksiýalary çäkli. iPhone 16-nyň tutuşlygyna kamerany dolandyrmak üçin başga bir düwme almagyna garaşylýar. BANG! CASE iPhone 14, 14 Pro, 15 we 15 Pro üçin 40 dollara satylýar. Häzirki wagtda Kickstarter üçin pul ýygnamak işleri alnyp barylýar we zerur mukdar toplanan ýagdaýynda daşlyk şu ýylyň iýun aýynda satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir