Huawei kompaniýasy dodak boýagy şekilinde gutusy bolan Freebuds Lipstick gulaklyklarynyň ikinji neslini tanyşdyrdy. Bu barada MyDrivers portaly habar berýär. Gulaklyklaryň zarýad berýän gutusy dodak boýagy görnüşinde ýasalandyr, şol bir wagtyň özünde Huawei Freebuds Lipstick 2-niň özi TWS gulaklyklarynyň adaty dizaýnyna eýedir. Onuň gutusy ak we gara reňkde, gulaklyklaryň özi bolsa kümüş we gyzyl reňkde elýeterlidir. Huawei Freebuds Lipstick 2 L2HC we LDAC kodeklerini goldaýan 11 mm dinamik draýwerlerine, şeýle hem IP54 standartyna laýyklykda tozandan we çyglylykdan gorag ulgamyna eýedir. Enjamlar gohy basmak funksiýasy bolmazdan 5 sagat ýa-da işjeň gohy basmak funksiýasy bilen 3,5 sagat işleýän akkumulýator bilen üpjün edildi. Şeýle hem öndüriji 2 sagat aýdym diňlemek üçin bary-ýogy 5 minut zarýad bermegiň ýeterlikdigini aýdýar. Mundan başga-da, gulaklyklaryň birnäçe enjama birikmegi üçin multipoint funksiýasyny goldaýandygy bellenildi. Şeýle hem gutuda gulaklyklardan başga-da, Freebuds Lipstick 2 gutusyny kiçijik ýantorba öwürmäge mümkinçilik berýän berkitmek üçin ýörite gaýyş bar. Gulaklyklar eýýäm Hytaýda 1699 ýuana (takmynan 230 dollar) satylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir