Seýrek duş gelýän Lamborghini Veneno Roadster superkary SBX Cars onlaýn-bazarynda satuwa çykarylýar. Bu öndürilen dokuz nusganyň ikinjisidir. Bahasy takyk aýdylmaýar, ýöne Dubaýdaky VIP Motors söwda dellaly 2022-nji ýyldan bäri edil şonuň ýaly ulagy 9,5 million dollara satmaga synanyşýar diýip auto.ru habar berýär. Veneno Roadster 2015-nji ýylda çykdy. Onuň kuzowynyň we salonynyň özüne mahsus dizaýny bar: açyk ýaşyl öwüşginli tutuksy gara. Superkar 750 at güýjüni öndürýän 6,5 litrlik V12 bilen enjamlaşdyrylandyr. 2,9 sekuntda 100 km / sag-a çenli tizlik alýar, iň ýokary tizligi sagatda 355 km. Awtoulag öz ömründe iki gezek eýesini çalşypdyr. Satyjynyň sözlerine görä, olaryň biri Saud Arabystanynyň şa maşgalasynyň agzasy eken. Veneno Roadster-iň näme üçin alyjy tapyp bilmeýändiginiň sebäbi görkezilmeýär. 2020-nji ýylda ony RM Sotheby's auksionynda 4,5-5,5 million ýewro satmaga synanyşdylar, ýöne şowsuz boldy. Superkaryň geçen ýoly 1778 km.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir