Toyota 4Runner-iň täze nesliniň tizerini görkezdi. Ýeňil ulagda üýtgeşik bir aýratynlyk bar - yzky, bogaža golaý aýnasy aşak düşürilýär. Auto.ru-nyň habar bermegine görä, Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin täze önümiň ilkinji görkezilişi 9-njy aprelde bolar. Täze 4Runner Land Cruiser, Tacoma we Sequoia-da ulanylýan TNGA-F çarçuwa arhitekturasynda gurlar. Munuň özi onuň şolaryňka meňzeş ukyplara we ygtybarlylyga eýe boljakdygyny aňladýar. Land Cruiser Prado-dan tapawutlylykda, 4Runner i-Force Max gibrid güýç gurluşy bilen hödürlenmez. Mundan başga-da, ol üçünji hatar oturgyçlaryň bolmagy bilen tapawutlanýar. Täze 4Runner 56 000 dollardan satylýan Prado üçin has amatly alternatiwa bolmaly. Toyota 4Runner-iň bahasy 40 700 dollardan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir