Täjigistanyň Dzýudo federasiýasy bilen Halkara dzýudo federasiýasy Duşenbede ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama baglaşdy. Resminama Daşkentde gol çekildi, ýaryş 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralar diýip, “ASIA-Plus” habar berýär. Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň wise-başlygy Ergaş Mahmadbekow bu ýaryşyň respublikada dzýudonyň ösüşinde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Mahmadbekow abraýly çempionatyň geçirilmeginiň Täjigistanyň dünýäde möhüm dzýudo merkezi hökmünde abraýyny tassyklamaga kömek etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ol bu ýaryşyň ýurduň ýaş türgenleriniň öz başarnyklaryny görkezmegi üçin örän gowy mümkinçilikdigini belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir