Londonyň "Arsenaly" Angliýanyň Premýer ligasynyň 27-nji tapgyr duşuşygynda "Şeffild Ýunaýtedi" 6:0 hasap bilen ýeňdi. Bu taryhy netije hökmünde hasaba alyndy: ýagny, "Arsenal" iňlis futbolynyň taryhynda yzly-yzyna üç sany duşuşygy 5 we ondan köp gol geçirip ýeňiş gazanan ilkinji klub boldy. Ondan öň, "Arsenal" uly hasap bilen "West Hem" (6:0) we "Bernli" (5:0) toparlaryny ýeňdi. Mikel Artetanyň şägirtleri soňky dört oýunda garşydaşlaryny 21:1 hasap bilen ýeňmegi başardylar. Şol bir wagtda APL-iň ýaryş jedwelinde "Arsenal" 61 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. Birinji ýerdäki "Liwerpuldan" 2 utuk yza galýar. "Arsenal" indiki duşuşygyny 9-njy martda "Emireýts" stadionynda "Brentforda" garşy geçirer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir