Halkara Futbol Federasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gök duýduryş futbol düzgünleriniň soňky üýtgeşmelerine girizilmedi diýip, rsport.ria.ru belleýär. Şenbe güni Şotlandiýanyň Loh-Lomond sebitinde Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşiniň (IFAB) ýyllyk ýygnagy geçirildi. Mejlisde FIFA-nyň baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mattias Grafsterem IFAB-yň müdirler geňeşiniň täze başlygy hökmünde tassyklandy. Şeýle-de, aşaky ligalaryň içerki ýaryşlarynda üç synag üçin teswirnamalar tassyklandy: belli bir ýagdaýlarda diňe toparyň kapitany emine ýüzlenip biler; emine toparlardan öz jerime meýdançasyna gitmegini talap etmäge mümkinçilik berýän “sowadyş döwrüniň” girizilmegi; derwezebanyň topy saklama wagtyny sekiz sekunta çenli uzaltmak, bolmasa topa eýe çykmak garşydaş topara geçýär. Şeýle-de, IFAB FIFA-nyň eminiň wideo-kömek ulgamyna (VAR) seredenden soň ahyrky çözgüdini we delillendirmesini açyk yglan etmegini görkezýän tejribesini beýleki ýaryşlara ýaýratmak kararyna geldi. Belläp geçsek, mejlisden öň FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gök duýduryşyň girizilmegine düýbünden garşy çykýandygyny aýdypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir