Argentinaly dünýä çempiony Lionel Messi «Inter Maýami» toparynyň düzüminde dubl etdi we şeýlelik bilen, üç ýurduň – Ispaniýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň çempionatlarynyň oýunlarynda 500 gol geçirdi. Amerikanyň MLS çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Inter Maýami» «Orlando Siti» toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Messiniň iki goly ony ýubileý belligine ýakynlaşdyrdy. Indi argentinaly ýyldyz karýerasynyň dowamynda ýurtlaryň çempionatlarynda laýyk 500 gol geçirdi: Ispaniýanyň La Ligasynda 474, Fransiýanyň 1-nji Ligasynda 22 we MLS-iň adaty möwsüminde 4 gol. Ýewropa ýaryşlaryny we dürli resmi ýaryşlary hasaba alsak, Messiniň klub derejesinde jemi 718 goly bar. Milli ýygyndydaky gollar bilen birlikde, ol karýerasynda 824 pökgi geçirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir