Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz saýtynda 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny ýurduň çäginde geçirmek üçin resmi arzasyny ýerleşdirdi. Bu barada TASS habar berýär. Kampaniýanyň şygary hökmünde “Ösýäris. Bilelikde” jümlesi saýlanyp alyndy. Federasiýa bu şygaryň ýurduň futbol gurşawyndaky çalt özgerişi bilen halkara futbolyna we ýaryşyň özüne oňyn täsiriniň arasynda parallel goýmak isleýändigini belleýär. 4-nji oktýabrda Halkara Futbol Federasiýasy 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmäge diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň dalaş edip biljekdigini habar berdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy hojaýynlary Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. 2026-njy ýyldan başlap dünýä çempionatlaryna 48 topar gatnaşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir