3-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň täze möwsümi badalga aldy. Bu möwsümde onuň tertibine birnäçe üýtgeşmeler girizildi. Şu ýyl 9 topar milli birinjilik ugrunda 4 aýlaw duşuşyk geçirerler. Öňki tertipde üç aýlaw bardy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Gatnaşýan klublaryň hatarynda - Aşgabatdan 3 klub: «Altyn Asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag», Balkanabatdan «Nebitçi», Türkmenbaşydan «Şagadam», Mary welaýatyndan «Merw» we «Energetik», Ahal welaýatyndan «Ahal» we Arkadag şäherinden «Arkadag» klublary bar. Ýatlatsak, 2023-nji ýylda "Arkadag" kluby ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony boldy. "Altyn asyr" kümüş, "Nebitçi" bolsa bürünç medal aldy. 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy Elman Tagaýew ("Ahal"), 27 gol bilen iň gowy hüjümçisi - Didar Durdyýew ("Arkadag") boldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan döredilen we iň gowy düzgün-tertip görkezijileri üçin berilýän "Feýr-pleý" baýragyna "Altyn asyr" kluby mynasyp boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir