UFC bilen WWE promouşenlerini birleşdirýän TKO Group Holdings kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, kompaniýanyň geçen ýyl garyşyk başa-baş söweş işinden gazanan girdejisi 1,3 mlrd dollara barabar boldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 13% köpdür diýip, fighttime.ru belleýär. UFC-niň rekord girdejisi geçirilen çäreleriň sanynyň we gurama bilen şertnama baglaşan hemaýatkärleriň sanynyň ep-esli artmagy bilen baglanyşyklydyr. Aýratynam, dördünji çärýekde liga 282,8 mln dollar gazandy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwründäki 271,7 mln dollardan ýokarydyr. Girdejiniň 870,6 mln dollar möçberdäki köp bölegini ESPN bilen ýaýlym şertnamasy getirdi, hemaýatkärler bolsa UFC ýene 196 mln dollar tölediler. Gurama 2023-nji ýylda 43 ýaryş geçirip, olar üçin petek satmakdan 168 mln dollar gazandy. Hünärmenleriň pikiriçe, 2025-nji ýylda UFC bilen ESPN-iň arasyndaky şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň, liga öz kontentini ýaýlyma bermek hukugyny satmakdan gelýän girdejiniň iki esse artmagyna garaşyp biler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir