UFC-niň ýeňil agramda häzirki çempiony Islam Mahaçew şu ýylyň ahyryna çenli azyndan iki söweş geçirer. Bu barada The Schmo bilen söhbetdeşlikde söweşijiniň menejeri Ali Abdelaziz aýtdy diýip, fighttime.ru habar berýär. “Bize UFC-de haýsy senäni belleseler hem, Islam şu ýyl, iň bolmanda, iki gezek söweşer. Azyndan” – diýip, Abdelaziz belledi. Öň, russiýaly söweşiji we onuň tälimçisi tomusda Jastin Getjä garşy söweşmegi, soňra 13-nji aprelde Las-Wegasdaky UFC 300 ýaryşynda geçiriljek Çarlz Oliweýra bilen Arman Sarukýanyň arasyndaky dalaşgärlik söweşiniň ýeňijisi bilen duşuşmagy meýilleşdirýändiklerini aýdypdylar. Ýöne ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloweý ýubileý çäräniň çäklerinde Getjiden üstün çykan ýagdaýynda bu meýilnama goşulyp biler. Şeýle-de, liganyň russiýalynyň ýarym orta agramda UFC-niň häzirki çempiony Leon Edwards bilen söweşini gurnamagy-da mümkindir. Edwards bu söweşe eýýäm razylyk berdi. Ýatlap geçsek, Islam Mahaçew oktýabr aýynda Aleksandr Wolkanowskini birinji raundda nokauta gidirip, ikinji titul goragyny geçirdi we ýyly P4P UFC reýtinginiň lideri hökmünde tamamlady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir