«Mançester Siti» klubunyň hüjümçisi Erling Holand, Angliýanyň Kubogynyň oýunlarynda 1970-nji ýyldan bäri penta-trik amala aşyran ilkinji futbolçy boldy. Norwegiýaly «Lutona» garşy 1/8 final oýunda 5 pökgi geçirdi. Angliýanyň Kubogynyň oýunlarynda iň soňky gezek bäş ýa-da ondan köp pökgi geçirmegi «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde çykyş eden Jorj Best başarypdy. «Mançester Siti» «Luton» klubuny 6:2 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş Hosep Guardiolanyň toparyna ýaryşyň çärýek finalyna çykmaga mümkinçilik berdi. Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) sanawda «Mançester Siti» 59 utuk bilen ikinji orunda barýar. «Liwerpul» 60 utuk bilen ýaryşda öňdeligi eýeleýär. Londonyň «Arsenaly» ilkinji üçlügi tamamlaýar. Paýtagtyň kluby 58 utuk toplady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir