Şotlandiýanyň «Seltik» toparynyň 36 ýaşly derwezebany Jo Hart 2023/24-nji möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. «Jo ajaýyp karýerany başdan geçirdi we tomusda karýerasyny tamamlanda onuň futboly örän küýsejekdigini bilýärin. Futbolda eden ähli işleri üçin Jo uly öwgä we gutlaga mynasypdyr. Ol, elbetde, «Seltik» we umumy futbol üçin ajaýyp baýlyk bolupdy» diýip, «Seltigiň» baş tälimçisi Brendan Rojers belledi. «Mançester Siti» toparynyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Jo Hart «Mançester Siti» bilen APL-iň iki gezek çempiony, Angliýanyň kubogynyň, Angliýanyň Superkubogynyň we iki gezek Angliýanyň ligasynyň kubogynyň eýesi boldy. Ol «Seltik» bilen iki gezek Şotlandiýanyň çempionatynda, bir gezek ýurduň Kubogynda we iki gezek Şotlandiýanyň ligasynyň kubogynda ýeňiji boldy. Jo Hart Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 75 oýna gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir