«Marseliň» hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy. 34 ýaşly gabonly futbolçy ýaryşda 31 gezek tapawutlanyp, Radamel Falkaodan öňe geçdi. Bu barada Sports.ru portaly ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Obameýang ýaryşyň pleý-off tapgyrynyň «Şahtýora» garşy jogap duşuşygynda (3:1) 31-nji goluny derwezä girizdi. Ozal futbolçy «Milan», «Monako», «Çelsi», «Arsenal», «Barselona», «Borussiýa» (Dortmund) we «Sent-Etýen» toparlarynda çykyş edipdi. Ýewropa ligasynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda üçünji orny Aris Aduris we Romelu Lukaku paýlaşýar (hersi 26 gol).

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir