NBA-nyň «Golden Steýt Uorriorz» toparynyň baş tälimçisi Stiw Kerr 35 million dollar möçberde täze iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada 58 ýaşly hünärmeniň agentleri habar berýärler. Kerriň häzirki şertnamasy möwsümiň ahyrynda gutarýar. Ol ýylda 17,5 million dollar zähmet haky bilen NBA-nyň taryhynda iň köp hak alýan tälimçi bolar. Kerr oýunçy hökmünde bäş gezek NBA-nyň çempiony boldy (1996-1999, 2003) we tälimçi hökmünde «Golden Steýt Uorriorz» toparyny dört gezek çempionlyga alyp bardy (2015, 2017, 2018, 2022). Kerr 2014-nji ýyldan bäri «Uorriorza» ýolbaşçylyk edýär. Bu möwsüm «Golden Steýt» Günbatar konferensiýasynda 54 oýunda 28 ýeňiş gazanyp, ýaryşyň sanawynda 10-njy orunda barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir