Şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekişigi boldy. Dabara 16 klub gatnaşdy: toparlaýyn tapgyrda birinji orny eýelän sekiz topar we geçiş oýunlarynyň sekiz ýeňijisi. Bu tapgyrda bir milli assosiasiýadan bolan toparlar duşuşyp bilmeýärler. Ýewropa ligasy. 1/8 final: Praganyň “Spartasy” (Çehiýa) – “Liwerpul” (Angliýa); “Marsel” (Fransiýa) – “Wilýarreal” (Ispaniýa); “Roma” (Italiýa) – “Braýton” (Angliýa); “Benfika” (Portugaliýa) – “Reýnjers” (Şotlandiýa); “Fraýburg” (Germaniýa) – “West Hem” (Angliýa); “Sporting (Portugaliýa) – “Atalanta” (Italiýa); “Milan” (Italiýa) – Praganyň “Slawiýasy” (Çehiýa); “Karabah” (Azerbaýjan) – “Baýer” (Germaniýa). Ilkinji oýunlar 7-nji martda, jogap oýunlary 14-nji martda geçiriler. Jogap oýunlaryny toparlaryň ýeňijileri kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir