Her ýylyň 24-nji ýanwarynda dünýäniň ýurtlarynda bellenilip geçilýän Halkara bilim güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler. Bäsleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça olimpiadalar «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar» diýen şygar astynda geçiriler. Olimpiadalarda çykyş etmek isleýän ýokary synp okuwçylaryna hgi.charetm@gmail.com salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna şu ýylyň 20-nji martyna çenli gatnaşmak üçin haýyşnamalaryny ugratmagy zerurdyr. Olimpiadalara çakylyk bellige alnan okuwçylara olaryň haýyşnamalarynda görkezen elektron poçtalarynyň salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar. Mekdep okuwçylary üçin bäsleşikler onlaýn görnüşde bolar hem-de paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda apreliň dowamynda iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň geçiş tertibi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary ýazmagyň nusgasy hem-de beýleki peýdaly maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm saýtynyň Bilim bölüminde ýerleşdirilendir. Olimpiadalaryň I, II we III orunlaryna mynasyp bolan ýeňijileri we baýrak eýeleri, şeýle hem bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezen höweslendiriji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda ýurduň DIM-niň HGI-de geçiriljek «Açyk gapylar» gününde sylaglanarlar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir