S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synplarda okaýan, informatikany öwrenýän hem-de bu derse gyzyklanma bildirýän, şeýle hem okuwda oňat netijeleri görkezýän ýokary synp okuwçylaryny informatika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada üç tapgyrda geçiriler. 1-nji we 2-nji tapgyrlar onlaýn görnüşde guralar. Birinji, etrap tapgyry ýerlerde, Türkmenistanyň mekdeplerinde 15-nji ýanwarda geçiriler. Olimpiadanyň ikinji tapgyry 17-nji ýanwarda paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda bolup geçer. Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça informatikanyň iň oňat höwesjeňleri üçünji tapgyrda – olimpiadanyň finalyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzda duşuşarlar. Jemleýji tapgyr 15-nji we 16-njy fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde göni gatnaşmak arkaly geçiriler. Olimpiada gatnaşyjylar üçin meseleler bu ders boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp, informatikanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanyldy. Olimpiada türkmen we rus dillerinde geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri medallar we degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar. Geçiriljek çäre baradaky giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň resmi saýtynda informatika boýunça olimpiada bölüminde ýerleşdirildi. Şeýle hem goşmaça maglumatlary: +993 12 34 26 80, +993 65 63 36 44 telefon belgilere jaň edip hem-de tm.tau.2022@gmail.com elektron salga hat ýollap alyp bolar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir