Türkmenistanda 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň habar berşi ýaly, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Olaryň teklipleri esasynda, 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, ony ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir