Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşige ýurduň etrap we welaýat derejesinde geçirilen saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan 18 ýaşa çenli oglan-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşik ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda her ýyl yzygiderli geçirilýär. Intellektual, döredijilik bäsleşiklerinde, döwlet we halkara olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, okuw, döredijilik, sport we beýleki ugurlarda aýratyn tapawutlanan ýaş zehinlileriň arasynda yglan edilen baýraga bu ýyl çagalar döredijilik toparynyň 1-i, çagalaryň 70-si mynasyp boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde baýraga mynasyp bolanlara degişli diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Bu barada HHM habar berdi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir