Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň ýurduň bilim we ylym ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ylym-bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde guruljak 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir