2023-nji ýylyň netijeleri esasynda ýakynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi girdi. UI GreenMetric World University Rankings – uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek barada isleginiň ýyllyk görkezijisidir. Hususan-da, dünýä uniwersitetlerine alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça baha berilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine girenligini bellemek gerek. Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl «UI GreenMetric» görkezijisine 85 ýurtdan ýokary okuw mekdepleriň 1183-si goşuldy. Görkezijä gatnaşmak üçin uniwersitetleriň her ýyl berýän degişli maglumatlaryny garaşsyz halkara hünärmenleri, alymlar barlaýarlar we derňeýärler. Maglumatlara baha bermek we utuklar esasynda uniwersitetleriň eýelän orny ählumumy sanawda beýan edilýär. Jemleýji netijeler dekabr aýynda çap edilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir