2023-nji ýylyň 24-30-njy noýabry aralygynda Singapur döwletinde «Stemco Olympiad Fall Season» atly halkara internet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşdy. Bu abraýly bäsleşik fizika, biologiýa, matematika, himiýa dersleri boýunça geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça türkmenistanly okuwçylar 3 altyn, 16 sany kümüş medal gazandylar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir