Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti maglumat tehnologiýalary temasyndan bilelikdäki onlaýn-bilim maslahatyny geçirdiler. Maslahata paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň birnäçesiniň mugallymlary gatnaşdylar. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş hünärmenleri çykyş etdiler, hünär tejribesi paýlaşyldy we pikir alşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Maslahat oňa gatnaşanlara maglumat howpsuzlygy gurallaryndan başy çykýan we häzirki zaman sanly gurşawda maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini özbaşdak we başarnykly ulanyp bilýän ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen täze pikirleri paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji K.Annaberdiýew «Bulut tehnologiýalary» temasyndan çykyş etdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiri M.Çüriýewiň çykyşynda maglumatlar binýadyny döretmek temasy jikme-jik beýan edildi. Çäre hünärmenlere maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde ileri tutulýan wezipeleri, şeýle hem IT-niň ylym hem bilim pudagynda ähmiýeti we netijeliligi barada bilelikde pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi diýlip, habarda bellenilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir