Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşleri 2024/25-nji okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasy boýunça ýokary synp okuwçylary üçin synaglaryň tertibini yglan etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri geljek okuw ýylynyň dowamynda amerikaly maşgalalarda ýaşamak we ABŞ-daky mekdeplerde bilim almak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu barada Orient habar berýär. Maksatnama mekdep okuwçylarynyň ýol tölegi we ýaşamagy bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz içine alýar. Bu bilim taslamasy ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Synaga gatnaşmak isleýänlere aşakdaky talaplar bildirilýär: 2006-njy ýylyň 15-nji martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar arza tabşyryp bilýärler; Üns beriň! Harby gullugy geçmeli bolan 11-nji synp okuwçylary bäsleşige gatnaşyp bilmez; Iňlis dilini gowy bilmeli; Bäsleşigiň geçirilýän döwri orta mekdepde okaýan bolmaly we okuwa ýetişigi gowy bolmaly; Amerikan wizasyny bermek boýunça talaplara jogap bermeli; Türkmenistanyň raýaty bolmaly. Guramaçylar ýurduň sebitlerinde we Aşgabatda geçiriljek synaglaryň tertibini hödürlediler:

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir