Her gezek men saña "söýýän seni!" diýemde, sen "hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiñ, "nädip söýýäniñi dü$ündir-dä!" diýýärsiñ. Men seniñ bu sowalyña kän wagt jogap gözledim. Dürli kitaplary okap gördüm. Deñ-du$laryma sorag berip gördüm. Ýa$y menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. Hat-da, filosofiýadan, psihologiýadan sapak berýän mugallymlardan hem maýyny tapyp soradym. Emma geñ galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. $oñ üçinem, men bu sowala anyk jogaby diñe öz ýüregimden gözlemegi makul bildim. Ýüregimde bolsa diñe sen, sen, sen... Men hemme ýerde jübi telefonumy ýanymdan aýyrmaýandygymy, hat-da, ýatamda-da ba$ujumda goýup ýatýandygymy bilseñ, gülmegiñem mümkin. Sebäbi, men sen jañ edeñde, e$itmän galaryn öýdüm gorkýan. Belki, $undan soñ sen meñ nähili söýýändigime dü$ünersiñ! Men seni söýýän, gülüm! Goý, biziñ ykbalymyz bir bolmasa bolmasyn! Men saña elmydama bagt dilärin: ömrüñ menzillerden menzile gitsin! Men senden öñürti süýneýin sessiz. Gara habar güni gara gözüñden- bir gara ýa$ damsa,$ol maña besdir!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir