Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär. Muny ORIENT agentligi ýetirýär. Türkiýe Respublikasynyň hünär bilim edaralaryny tamamlan Türkmenistanyň raýatlary hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin, ilki berlen hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkiýe Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynda kanunlaşdyrmaly. Ýagny, raýatlar okuw resminamalaryny Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň Ýokary okuw we daşary ýurtlar boýunça bilim müdirliginiň ýokary okuw bölüminde hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde tassyklatmaly. Türkmenistanda “Academic Ranking of World Universities” we “QS World University Rankings” ýaly halkara bilim reýtinglerindäki ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň diplomlary tassyklanýar. Şeýlelikde, bu sanawlarda orun alan Türkiýäniň 60 töweregi ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanlylar bilim alyp bilerler. Häzirki wagtda Türkiýede türkmenistanlylaryň 15 müňe golaýy bilim alýar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir