Beýik Britaniýada "Chevening" maksatnamasy esasynda magistratura bilim derejesi boýunça okamak isleýän türkmenistanlylaryň resminamalary kabul edilip başlandy. Ýurduň iň abraýaly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamak mümkinçiligini döredýän okuwlara dalaşgärleriň resminamalary 7-nji noýabra çenli kabul ediler. Okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin dalaşgäriň bakalwr bilim derejesi, 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi we iňlis dilini gowy bilmegi (IELTS 6.5 derejede) hökmanydyr. Dalaşgärler şu salgy boýunça onlaýn sowalnamany doldurmaly, gerekli resminamalarynyň nusgalaryny tabşyrmaly we berlen temalar boýunça 4 sany düzme ýazmalydyr. Şeýle hem, dalaşgär Beýik Britaniýada okamak isleýän 3 sany hünär ugruny görkezmelidir. "Chevening" maksatnamasyndan üstünlikli geçenler bir ýylyň dowamynda ýaşamak üçin talyp haklaryny alyp bilerler. Wiza, ýol çykdajylary we dürli çärelere gatnaşandygy üçin çykdajylar hem okuw maksatnamasynyň çäklerinde tölenýär. "Chevening" okuw maksatnamasy 1983-nji ýyldan bäri hereket edýär. Şondan bäri, bu maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň 200-den gowrak ýurdundan 50 müňden gowrak talyp Beýik Britaniýada bilim alypdyr. Şolaryň içinde meşhur syýasatçylar, diplomatlar, žurnalistler we jemgyýetçilik işgärleri bar. Maksatnama boýunça okamak isleýäniň uly höwesi, ýokary hünär başarjaňlygy we liderlik ukyplary bolmalydyr. Şonuň üçin-de, iň bäsleşikli we abrýaly okuw maksatnamalarynyň biri hökmünde bilinýär. Habarlaşmak üçin salgylar: Telefon belgisi: (+993 12) 36-34-62 Email: ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir