Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa uniwersitetiň bu hünärindäki çeper we žurnalistik döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlary, ugurdaş kafedralaryň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ýurduň baýry neşirleriniň ýolbaşçylary — «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa geçirilmegi asylly däbe öwrülen duşuşygyň nobatdaky sanynyň myhmanlary boldular. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda ýurduň taryhy, türkmen ýaşlarynyň borçlary barada geçen umumy sapagyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda, ilki bilen, tejribeli žurnalistler bolan myhmanlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, publisistik eserleriň mazmuny, olary ýazmakda göz öňünde tutulmaly maglumatlar, deliller hem-de özboluşly usullar dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Bu žanryň häzirki döwürde metbugat neşirlerindäki orny, aýratyn-da ony ýazmak babatda ýaşlaryň bilim we döredijilik taýýarlygy maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Ýeri gelende, myhmanlar ýaş žurnalistlere gazet-žurnallar bilen ýygjam aragatnaşygy alyp barmak bilen, amaly taýýarlyklaryny ýokarlandyrmagy, redaksiýalarda tejribeli žurnalistlerden teksti redaktirlemek işiniň inçe usullaryny öwrenmegi maslahat berdiler. Soňra ýaşlar özlerini gyzyklandyran sowallar bilen halypalara ýüzlendiler. Sowal-jogaplarda, hususan-da, watançylyk terbiýesine bagyşlanan sapagyň ähmiýetiniň, şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurtda amala aşyrylýan işleriň, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleriniň metbugat sahypalarynda şöhlelendirilişi, döredijiligiň dürli ugurlary boýunça halypalaryň ýaşlara maslahatlary öz beýanyny tapdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir