Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan talyplaryň sany 5300-e golaýlady. Ýokary okuw mekdebine diňe şu ýylyň özünde talyplyga kabul edilen ýaşlaryň sany 1175-e ýetýär diýlip, «Jeyhun.news» ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebinde hünärleriň 16-sy boýunça talyplar okadylýar. Täze okuw ýylyndan başlap, institutda taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda ýaşlara bilim berlip başlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenabat şäherinde institutyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir