DEEP Research Labs kompaniýasynyň ummany öwrenmek bilen meşgullanýan işgärleri Angliýada suwasty bazany gurmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler. Taslamany 2027-nji ýyla çenli Uelsde döretmegi meýilleşdirýärler, şondan soň gözlegçiler bir aý töweregi wagtlaryny 200 metr çuňlukda geçirerler. Bu barada Daily Mail habar berýär. Alymlar suwuň adamzat durmuşynda uly orun tutýandygyny bellediler, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ummanlar az öwrenilen ugur bolmagynda galýar. Sentinel diýlip atlandyrylýan baza gözlegçilere deňiz durmuşynyň 90% -ini öz içine alýan epipelagiki zona girmäge mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar. Baza adamlaryň uzak wagtlap ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen suwasty binasy bolar. Bu ýerde laboratoriýalary bolan merkezi zal we uly nahar stolly aşhana bolar. Alymlaryň özleri goş ammary, kiçijik stoly, bir ýatalgasy bolan bir adamlyk aýratyn otaglarda ýaşarlar. Şeýle-de, otaglarda elýuwarly giňiş hammam hem bolar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir