Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 28-nji awgusty aralygynda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir