Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir