TRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): I. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nak-gaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; ke-ramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty). II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti; binagärlik gurşawynyň dizaýny (binagärlik-çeper çözgüdi). 2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýadygärlikleri-niň rejelenilişi). 3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: animasiýa we grafiki dizaýny). Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geç-medik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary akademiýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyn-daky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resmina-manyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi; — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö-lümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla-nan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gat-naşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edara-laryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina-manyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän-ler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadat-namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaş-gärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren iş-lerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 2 — 9-njy awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nak-gaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafi-kasy; kitap grafikasy — ga l amda gipsden ýasa l an ada-myň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy; hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraş-lyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy; hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan ada-myň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn tasla-masyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy; hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sunga-ty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çek-mek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy; hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we na-zaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen tema-dan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy; hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny (bina-gärlik çeper-çözgüdi); binagärlik ýadygärlikleri-niň rejelenilişi; animasiýa we grafiki dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türk-menistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenis-tanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda sy-naglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar-tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düz-günlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (A.Nowaýy) köçe, 90, tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir