Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryşy hünäri boýunça 2 ýyllap bilim alan ilkinji magistrler okuwlaryny tamamladylar. Bu barada akademiýanyň uly mugallymy Hajymyrat Pirmuhammedow «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berdi. Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar. Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim derejesi boýunça okuw maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi bilen durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” taslamasynyň çäginde inowasion usullar esasynda düzüldi. Bu ugur boýunça magistrlik bilimini alanlaryň içinde syýasy partiýalaryň, milli parlamentiň we jemgyeýetçilik guramalarynyň wekilleri, maliýe we ykdysadyýet hem-de ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň hünärmenleri bar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde, olar döwlet dolandyryşy, döwlet maliýe we söwda ulgamy, innowasiýa tehnologiýalary, jemgyýet dolandyryşy, adam serişdelerini ulanmak boýunça bilimleri aldylar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir