Korporasiýanyň hasabatyna görä, Toyota 2022-nji ýylda 10,48 million awtoulag satdy. Bu bir ýyl ozalkydan 0,1% azdyr. Şeýle-de bolsa, Ýaponiýanyň bu konserni indi üçülenji ýyldyr dünýäde №1 awtoulag öndüriji adyny resmi taýdan tassykladyp gelýär. Onuň esasy bäsdeşi bolan nemes Volkswagen-i 2022-nji ýylyň 12 aýynyň içinde 8,26 million awtoulag satdy. Toyota awtoulaglarynyň önümçiligi geçen ýyl 5,3% artyp, 10,51 million birlige ýetdi. San maglumaty “Hino Motors” we “Daihatsu” şahalarynyň kärhanalarynyň satuwyny göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlarda 8,6 million awtoulag, Ýaponiýanyň özünde 1,9 million awtoulag satyldy. Kompaniýa durnukly islegiň, ilkinji nobatda-da, Demirgazyk Amerikada şeýle islegiň dikeldilmegi sebäpli oňyn netijeleriň gazanylandygyny belleýär. Ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýyň gowulaşmagy hem oňyn täsir etdi. Volkswagen bolsa on ýyldan gowrak wagtyň içinde iň ýaramaz netijäni görkezdi — Ukrainadaky ýagdaý we kowid bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler täsirini ýetirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir